Haly alanyňyzda nämelere üns bermeli?
Hili gowy haly siziň talabyňyza
doly gabat gelýän we oňa seredeniňizde hem ulananyňyzda lezzet berýändir. Şeýle
hem, halynyň hilini belli edýän ýüplügiň kysymy, dokalyş dykyzlygy we çitiminiň beýikligi ýaly gizlin tehniki bölekleri bardyr.
Haly dokmaçylygynda ulanylýan
ýüplügiň kysymy onuň hilini kesgitleýän möhüm ýagdaýlaryň biridir.
Ýene bir hökmany ýagdaýlaryň biri –
ýüplügiň dykyzlygydyr. Haly dykyz dokaldygyça berk bolýar. Dykyz dokalan haly
beýlekilerden agyr bolansoň, poluň üstünde tyrpyp durmaz, ýöne çitimi selçeň
dokalan haly almakçy bolsaňyz, onda onuň tyrpmaýan etegine üns bermelisiňiz.
Halynyň çitiminiň beýikligi – onuň
hilini belli edýän ýene bir ýagdaýdyr. Halyny duýmagyňyz üpürjügiň beýikligine bagly
bolsa-da, esasy zat onuň beýikligi däl-de, ulanylýan ýeriňe baglylykda gabat
gelýän belentliginiň saýlanyp alynmagydyr.
Haly – islendik otagyň içki
bezegine özboluşlylyk çaýmagyň iň oňat guraly bolup, ol bir tarapdan, otaga
ajaýyplek berse, ikinji tarapdan – öý eýesiniň gözellige bolan düşünjesine
şaýatlyk edýär.
Gelim-gidimi azrak otaglar üçin
dykyzlygy selçeň haly önümleri ýerlikli bolar. Myhman jaý ýa-da ýatakhana üçin
dykyzlygy ortaça bolan haly ýeterlikdir: olar gelşikli görünýär, şol bir wagtda
ýumşak hem oňaýly.
Dykyzlygy ýokary halylar
hemişe adam ýöreýän ýa-da mebeli ondan-oňa göçirilýän otaglarda ýerlikli bolar.
Ol halylaryň ýüplügi çeýe we durkuny oňat saklaýandygy, tiz dikelýändigi
sebäpli, onda mebel aýaklarynyň yzy galmaýar. Olary dälize, basgançaga ýa-da
öýdäki iş otagynda aýagy tigirlije kürsiniň astyna ýazsaň bolýar. Dykyzlygy
ýokary halylaryň ýene bir artykmaçlygy -
olaryň aňsat arassalanyp, az hapalanýandygydyr. Çeýe we dykyz ýüplük hapa
bölejikleriň içine düşmegine mümkinçilik bermänsoň, olar ýüzünde galýar.
Depginli ulanşykda ýa-da tiz-tizden arassalananda dykyz önümler uzak wagtlap
tozmaýar we durkuny saklaýar.