Özüňize laýyk haly satyn almazdan
ozal öz-özüňe bermeli birnäçe möhüm soraglar bar. Olardan birinjisi – halynyň
ulanmaga satyn alynýan otagydyr.
Polipropilen ýüplükden dokalan haly
ýaşlar otagynda, myhman jaýda we aşhanada, ýagny geli-gidi köpräk bolan
ýerlerde diýseň ýerlikli bolar. Haly, esasan, jaýlarda, iş ýerlerde, ofis,
dükan, köşk ýaly ýerlerde köp ulanylýar.
Islendik ýagdaýda-da, haly satyn almak bilen,
öý ýa-da ofis üçin kaşaň we ykjam bezeg aldygyňyz bolar.
1. Haly – jaýyň merkezi düzüm bölegidir
Haly satyn alnanda diňe onuň daşky
sypatyna däl, eýsem, düzümine hem üns bermelidir. Halynyň ykjamlygy we ömrüniň
uzaklygy hut onuň düzümine baglydyr. Halyny kömekçi esbap diýseň hem bolar,
ýöne, şol bir wagtda ol jaýyň içiniň ajaýyp dizaýny üçin esas bolup biler.
Ýaşaýyş otaglary, dälizler ýa-da basgançaklar diýen ýaly ýerler üçin reňkini we
gurluşyny uzak wagtlap saklap biljek hili oňat haly saýlamagyňyz örän wajypdyr.
2. Halynyň aňrybaş ölçegi
Halynyň ölçegi mebeliň duran
ýerinden biraz kiçi bolmagy aňrybaş hasaplanylýar. Başgaça aýdylanda, haly
giňişligiň ähli elementlerini birleşdirmek we wizual saklamak üçin ýeterlik uly
bolmaly. Şoňa laýyklykda, diwanyň, oturgyçlaryň we şkafyň iň bolmanda öň
aýaklary halyň üstünde durmalydyr.
3. Ülňüleriň we ölçegleriň
hemmesini jemleýän halylar
Häzirkizaman halylary dürli ülňüde
we dürli ölçegde bolanlygy sebäpli, eger-de siz otagyňyza halynyň haýsy
ülňüsini saýlamalydygyňyzy bilmeýän bolsaňyz, otagyň we ondaky mebeliň ülňüsine
görä hereket etmeli bolarsyňyz. Mysal üçin, kürsi bilen žurnal stoljagazynyň
tegelek ülňüsi bilen utgaşýandygy üçin
tegelek haly göze gelüwli görünýär.
4. Reňk sazlaşygy
Otagyň içi ýagty reňkler bilen
bezelen bolsa, halynyň neýtral reňki gyjyndyryjy täsiri ýumşadyp, otagyň içini
göze has ýakymly edip biler. Şol bir wagtyň özünde, oňa umumy reňk shemasyna
has laýyk gelmäge mümkinçilik berýän degişli öwüşginli inçe nagşy bolmalydyr.
5. Tutuş otagy tutup duran haly
Eger-de otagyň poluny
tutuşlygyna ýumşak haly bilen düşejek bolsaňyz, onda poly birnäçe santimetr
açyk goýsaňyz, netijesi has oňat bolar. Plintus bilen otagyň ülňüsini gelşigine
getirmek üçin, dizaýnerler poluň 20-30 sm meýdanyny açyk goýmagy maslahat berýär.