Halynyň syklygy üç
kysymda belli edilýär: irimçik çitim – bir metrde 100 müňe çenli düwün; ortaça
çitim – 100 müňden 325-müňe çenli düwün; ýokary çitim– 325 müňden million
düwüne çenli.
Ýüplük – halynyň
özenidir, ýüplügiň dürli kysymy halynyň gurluşyny we reňkiniň doýgunlygyny
dürli-dürli edýär. Her ýüplügiň öz aýratynlygy bolup, ýüplük öz täsin
häsiýetlerini has oňat ýüze çykarary ýaly
gerek ulgamyňa görä ünsli saýlamalydyr.
Polipropilen ýüplükden dokalan
haly beýlekilere garanyňda uzak ulandyrýar. Ol ulanyş derejesi ýokary bolan
ýerlerde ulanylanda hem ilkibaşdaky durkuny uzak wagtlap saklaýar.
Halynyň syklyk kysymy
Maşynda dokalan haly
el halysyndan sykrakdyr. Halynyň dykyzlygy pes bolanda suratlary anyk we
jikme-jik görkezmäge mümkinçilik bermeýär. Adatça olarda geometriki güller
bilen nagyşlar şekillendirilýär. Önüm sadadan çalt öndürilýär, gapyň
girelgesinde ýa-da ýazlag jaýynda ulanylýar. Hili “Ortaça” – adaty (200-müňe çenli
çitim) ýa-da “Oňat” (200 müňden ýokary çitimli)
bolýar. Onuň ýaly haly – ýumşak, berk, uniwersal, ýagny laýykaty dürli
otaglara: ýatakhana, myhman otaga we çaga otagyna laýyk bolýar. Dykyzlygy
ýokary önüm - berk, ömri uzak we owadan bolýar. Onuň ýüzüne oňat okalýan we
nepis dürli nagyş salyp bolýar.
Halynyň dykyzlygyny
nähili saýlamaly
Haly näçe syk dokalan boldugyça, onuň berkligi ýokary bolýar. Şol görkeziji ýokarlandygyça gatylygy hem beýgelýär. Süýüm artdygyça, halynyň agramy artar. Saýlanyňyzda şol zatlara üns beriň.
Biziň ösüş meýilnamalarymyz
Ýokary hilli. “Abadan haly” öz islegiňiz boýunça ajaýyp we ýokary hilli haly döretmek bilen, uzak wagtlap dowam eden ajaýyplyk däbini täzelige bolan tükeniksiz teşne bilen birleşdirýär.
Bäsdeşlik bahasy. Biz ýerli bazarlardaky alyjylarymyzy elýeterli iň gowy bahany üpjin etmek üçin arzan bahadan ýokary hilli halylary hödürlemek bilen abraý gazandyk.
Müşderiniň kanagatlanmagy. “Abadan haly” AGPJ-niň marketing wekilleri ýokary hünärli we hemişe 100% müşderini kanagatlandyrmagy maksat edinýärler.