Haly – dürli ýüplüklerden dykyz dokalan önüm bolup, ol jaýy bezemek we poly ýylatmak maksatlarynda, kähalatlarda otagdaky (diwanyň, stolyň we ş.m.) ýerleriň bezegi üçin ulanylýan önümdir.
Türkmen halysynyň bezeg nagyşlarynyň gelip çykyşynyň hakyky
esaslary bardyr. Halyçy haly nagyşlarynda daş-töweregi gurşap
alýan hakykaty stilleşdirilen görnüşde beýan edipdir. Köp asyrlaryň dowamynda
kesgitli durnuklaşan şol nagyşlaryň anyk aýdyň ýüze çykýan milli häsiýeti
bardyr.
Halyny öýde we iş
ýerinde ulanmagyň birnäçe sebäbi bar. Haly gyş
günleri ýylylyk hem-de izolýasiýa bilen üpjün edýär. Ol ýylylygy bedeniňiz
bilen poluň arasynda gyradeň paýlap, gyzgyn howany has uzak saklaýar we
rahatlyk berýär.
Uly
ýaşly we kiçi çagaly maşgala agzalyrynyň bolmagynda öýüň howpsuzlygy has möhümdir.
Haly biziň aýak basyşymyz üçin araçy bolup hyzmat edýär, şeýle-de taýyp
ýykylmakdan goraýar.
Estetikasy: haly
biziň ýaşaýyş jaýlarymyzyň bezeg esasy bolansoň, ony seresaply saýlap
almalydyr. Saýlan halyňyzyň reňki bilen gurluş aýratynlygy otagyň howasyny
belli edýär we biziň özboluşlygymyzy aýan edýär.
Akustikasy: haly sesi izolirleýär we daşarydan gelýän pägelçilik dörediji gohy peseltmäge ýardam edýär. Jaý gatlarynyň arasyndaky ses geçişleriniň öňüni almak bilen bir hatarda ümsümlik hem rahatlygy üpjün edýär.
Rahatlyk: haly aýak
basyşyňyzy (ýeňilleşdirip) ýumşadyp, ýöremek üçin oňaýly zolagy döredýändigi
sebäpli, siz poluň üstünde rahat oturyp, maşgalaňyz bilen oýun oýnap, wagtyňyzy
geçirip bilersiňiz.
Biziň ösüş meýilnamalarymyz
Ýokary hilli. “Abadan haly” öz islegiňiz boýunça ajaýyp we ýokary hilli haly döretmek bilen, uzak wagtlap dowam eden ajaýyplyk däbini täzelige bolan tükeniksiz teşne bilen birleşdirýär.
Bäsdeşlik bahasy. Biz ýerli bazarlardaky alyjylarymyzy elýeterli iň gowy bahany üpjin etmek üçin arzan bahadan ýokary hilli halylary hödürlemek bilen abraý gazandyk.
Müşderiniň kanagatlanmagy. “Abadan haly” AGPJ-niň marketing wekilleri ýokary hünärli we hemişe 100% müşderini kanagatlandyrmagy maksat edinýärler.