2016-njy ýylda açylan “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly toplumy Türkmenistanda haly önümleriniň iň uly öndürijisidir. Kärhananyň önümçilik toplumy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýär we umumy 14,5 gektar meýdany eýeleýär. 700-den gowrak işgäri bolan fabrigiň häzirki wagtda önümçilik kuwwaty ýylda 3 million inedördül metr haly we haly önümlerine deňdir. “Abadan Haly” toplumy Türkmenistanyň ýeňil senagatynda täze ugra başlangyç beren iri taslama hökmünde belli bolup, içerki çig maly tygşytly peýdalanmak, içerki bazary giňden talap edilýän hem-de daşary ýurt öndürijileriniň meňzeş harytlaryndan hili we dizaýny boýunça yza galmaýan önümler bilen üpjün etmek we pudagyň daşary bazarlara çykmagy ýaly möhüm ugurlary özünde jemleýär.
Haly önümleri öndürilende ýokary hil ilkinji orunda tutulýar. Önümlerimiz daşary ýurtlardan import edilýän halylardan özüniň syklygy, galyňlygy, reňk durnuklylygy, nepisligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar.
“Abadan haly” toplumy daşary ýurtlardan import edilýän
haly önümleri bilen hil we baha taýdan bäsleşýär.
ýyl bazarda
işgär
görnüş haly
ýyllyk önümçilik göwrümi
Biziň ösüş meýilnamalarymyz
Ýokary hilli. “Abadan haly” öz islegiňiz boýunça ajaýyp we ýokary hilli haly döretmek bilen, uzak wagtlap dowam eden ajaýyplyk däbini täzelige bolan tükeniksiz teşne bilen birleşdirýär.
Bäsdeşlik bahasy. Biz ýerli bazarlardaky alyjylarymyzy elýeterli iň gowy bahany üpjin etmek üçin arzan bahadan ýokary hilli halylary hödürlemek bilen abraý gazandyk.
Müşderiniň kanagatlanmagy. “Abadan haly” AGPJ-niň marketing wekilleri ýokary hünärli we hemişe 100% müşderini kanagatlandyrmagy maksat edinýärler.