Müşderiler üçin

Näme üçin haly?

Haly – jaýy bezemek we ýylatmak maksatlarynda poly, kähalatda gaýry üst ýüzüni (stoly, diwany we ş.m.) örtmek üçin ulanylýan, dürli görnüşli ýüplükden dykyz dokalan önümdir.

 

Türkmen halysynyň nagyşlarynyň gelip çykyşynyň hakyky esaslary bardyr. Halyçy haly nagyşlarynda daş-töweregi gurşap alýan hakykaty stilleşdirilen görnüşde beýan edipdir. Köp asyrlaryň dowamynda kesgitli durnuklaşan şol nagyşlaryň anyk aýdyň ýüze çykýan milli häsiýeti bardyr. 

 

Halyny öýde we iş ýerinde ulanmagyň birnäçe sebäbi barHaly gyş günleri ýylylyk hem-de aýrybaşgalanlyk duýgusyny berýärÝylylygy bedeniňiz bilen poluň arasynda gyradeň paýlap, gyzgyn howany has uzak saklaýar we ýaşaýşy oňaýly edýär.
Çagaly ýa-da uly ýaşly maşgala azgaly maşgalaň öýüniň howpsuzlygy möhümdir. Haly biziň aýak basyşymyz üçin araçy bolup hyzmat edýär, şeýle-de taýyp ýykylmakdan goraýar.

 

Estetikasy: haly biziň ýaşaýyş jaýlarymyzyň bezeg esasy bolansoň, ony seresaply saýlap almalydyr. Saýlan halyňyzyň reňki bilen gurluş aýratynlygy otagyň howasyny belli edýär we biziň özboluşlygymyzy aýan edýär.


Akustikasy: haly sesi izolirleýär we päsgelçilik dörediji daşarydan gelýän gohy peseltmäge ýardam edýär. Jaý gatlarynyň arasyndaky ses geçişleriniň öňüni almak bilen bir hatarda ümsümlik üpjün edýär.


Oňaýlylygy: haly aýak basyşyňyzy ýumşadyp, ýöremek üçin oňaýly zolagy döredýändigi sebäpli, siz poluň üstünde rahat oturyp, maşgalaňyz bilen oýun oýnap, wagtyňyzy geçirip bilersiňiz.

Siz hem bizi saýlaň!

Biziň ösüş meýilnamalarymyz