Esasy Maýagoýum Taslamasy
“Abadan haly” toplumy Türkmenistanyň ýeňil senagatynda ýerli çig maldan netijeli peýdalanyp, içerki bazary ýokary hilli haly önümleri bilen üpjün edýän maýa goýum taslamasy hökmünde bellidir. Pudakda täze bir başlangyç bolan bu toplum daşary ýurt bazarlarynyň isleglerini hem kanagatlandyrmaga gönükdirilen möhüm ugurlary özünde jemleýär.
Müşderä gönükdirilen çemeleşme
700-den gowrak işgäriň tagallasy we güýji netijesinde “Abadan haly” AGPJ öz işine professional, öz işini müşderä gönükdirýän çemeleşmesi we Türkmen bazaryndaky bölek we lomaý müşderiler üçin ýokary hilli hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy. Bazarda öňdebaryjy döredijilik we her bir derejedäki amaly kämillik “Abadan haly” AGPJ-iň durnukly ösüş strategiýasy üçin esasy hereketlendiriji güýçlerdir.
Innowasiýa we strategiki marketing
“Abadan haly” AGPJ müşderilerine, işgärlerine we
daşky gurşawa ygrarly. Sarp edijileri özüne çekýän we olaryň kanagatlanmagyny
üpjün edýän moda-öňe gidişde we ýönekeý görnüşde ýokary hilli önümleri
hödürlemäge çalyşýar. Haly önümleriniň hemmesi iň soňky stillerde, ugurlarda,
reňklerde we nagyşlardadyr. “Abadan haly” AGPJ, onuň innowasiýa we strategiki
marketing-daky tagallasy haly bazaryndaky paýyň ösmegini üpjün eder we
markasyny bäsdeşlikden tapawutlandyrar diýip hasaplaýar.