Müşderiler üçin

Halynyň syklygy

Halynyň syklygy üç kysymda belli edilýär: irimçik çitim – bir metrde 100 müňe çenli düwün; ortaça çitim – 100 müňden 325-müňe çenli düwün; ýokary çitim– 325 müňden million düwüne çenli.

 

Ýüplük – halynyň özenidir, ýüplügiň dürli kysymy halynyň gurluşyny we reňkiniň doýgunlygyny dürli-dürli edýär. Her ýüplügiň öz aýratynlygy bolup, ýüplük öz täsin häsiýetlerini has oňat ýüze çykarary ýaly  gerek ulgamyňa görä ünsli saýlamalydyr.

 

Polipropilen ýüplükden dokalan haly beýlekilere garanyňda uzak ulandyrýar. Ol hatda ýokary dykyzlykly ýerlerde ulanylanda hem ilkibaşdaky durkuny uzak wagtlap saklaýar.

 

Halynyň syklyk kysymy

Maşynda dokalan haly el halysyndan sykrakdyr. Halynyň pes dykyzlygy suratlary anyk we jikme-jik görkezmäge mümkinçilik bermeýär. Adatça, geometriki güller bilen nagyşlar şekillendirilýär. Önüm sadadan çalt öndürilýär, gapyň girelgesinde ýa-da ýazlag jaýynda ulanylýar. Hili “Ortaça” – adaty (200-müňe çenli çitim) ýa-da “Oňat” (200 müňden artyk çitimli)  bolýar. Onuň ýaly haly – ýumşak, berk, uniwersal, ýagny laýykaty dürli otaglara: ýatakhana, myhman otaga we çaga otagyna laýyk bolýar. Dykyzlygy ýokary önüm berk, ömri uzak we owadan bolýar. Onuň ýüzüne oňat okalýan we nepis dürli nagyş salyp bolýar.

Halynyň dykyzlygyny nähili saýlamaly

Haly näçe syk dokalan boldugyça, onuň berkligi ýokary bolýar. Şol görkeziji ýokarlandygyça gatylygy hem beýgelýär. Süýüm artdygyça, halynyň agramy artar. Saýlanyňyzda şol zatlara üns beriň.

Siz hem bizi saýlaň!

Biziň ösüş meýilnamalarymyz