Müşderiler üçin

Haly alanyňyzda nämelere üns bermeli?

Hili gowy haly siziň talabyňyza doly gabat gelýän we oňa seredeniňizde hem ulananyňyzda şatlyk duýgusyna gaplaýan bolmalydyr. Emma, halynyň hilini belli edýän ýüplügiň kysymy, dokalyş dykyzlygy we çitiminiň ösgünligi ýaly gizlin tehniki bölekleri bar.

Haly dokmaçylygynda ulanylýan ýüplügiň kysymy onuň hilini kesgitleýän möhüm ýagdaýlaryň biridir. Ulanjak bolýan ulgamyňyz üçin laýyk gelýän ýüplükden  dokalan halyny uzak wagtlap ulanyp bilersiňiz.

Ýene bir hökmany ýagdaýlaryň biri – ýüplügiň dykyzlygydyr. Dykyz dokaldygyça halynyň ömri uzak bolar. Dykyz dokalan haly beýlekilerden agyr bolansoň, poluň üstünde tyrpyp durmaz, ýöne çitimi selçeň dokalan haly almakçy bolsaňyz, onda onuň tyrpmaýan etegine üns bermelisiňiz.

Halynyň çitiminiň ösgünligi – onuň hilini belli edýän ýene bir ýagdaýdyr. Halyny duýmagyňyz çitiminiň ösgünligine bagly bolsa-da, esasy zat onuň ösgünligi däl-de, ulanylýan ulgamyna baglylykda gabat gelýän belentliginiň saýlanyp alynmagydyr.

Haly – islendik otagyň içki bezegine özboluşlylyk çaýmagyň iň oňat guraly bolup, ol bir tarapdan, otagy ajaýyp etse, ikinji tarapdan – öý eýesiniň gözellige bolan düşünjesine şaýatlyk edýär.

Siz hem bizi saýlaň!

Biziň ösüş meýilnamalarymyz