Müşderiler üçin

Halyny nirede ulanmaly?

Özüňe ýarajak halyny satyn almakdan öň öz-özüňe bermeli boljak birnäçe hökmüny soraglar hem bar. Olardan birinjisi – halynyň ulanmaga satyn alynýan otagydyr.


Polipropilen ýüplükden dokalan haly ýaşlar otagynda, myhman jaýda we aşhanada, ýagny gel-gidi köpräk bolan ýerlerde diýseň ýerlikli bolar. Haly, esasan, jaýlarda ulanylyp, onuň iş orny, ofis, dükan, köşk diýen ýaly laýykaty bardyr. Islendik ýagdaýda-da, haly satyn almak bilen, öý ýa-da ofis üçin kaşaň we ykjam bezeg aldygyňyz bolar.


1. Haly – jaýyň merkezi düzüm bölegidir

Haly satyn alnanda diňe onuň daşky görnüşine däl, eýsem, düzümine hem üns bermelidir. Halynyň ykjamlygy we ömrüniň uzaklygy hut onuň düzümine baglydyr. Halyny kömekçi esbap diýseň hem bolar, ýöne, şol bir wagtda ol jaýyň içiniň ajaýyp dizaýny üçin esas bolup hyzmat edip biler. Ýaşaýyş otaglary, dälizler ýa-da basgançaklar diýen ýaly ýertler üçin reňkini we sypatyny uzak wagtlyk saklap biljek hili oňat haly saýlamagyňyz örän wajypdyr.


2. Halynyň aňrybaş ölçegi

Üstünde duran mebeliň tutýan meýdanyndan esli kiçi bolan halynyň ölçegi aňrybaş ölçeg hasaplanylýar. Başga sözler bilen aýdanymyzda, haly giňişligiň düzüm bölekleriniň ählisini birleşdirip görer-göze saklap bilmelidir. Şol kesgitlemä laýyklykda, diwanyň, oturgyçlaryň we şkafyň iň bolmanda öň aýaklary halyň üstünde durmalydyr.


3. Ülňüleriň we ölçegleriň hemmesini jemleýän halylar

Häzirkizaman halylary dürli ülňüde we dürli ölçegde bolanlygy sebäpli, eger-de siz otagyňyza halynyň haýsy ülňüsini saýlamalydygyňyzy bilmeýän bolsaňyz, otagyň we ondaky mebeliň ülňüsine görä hereket etmeli bolarsyňyz.


4. Reňk sazlaşygy

Otagyň içi ýagty reňkler bilen bezelen bolsa, halynyň neýtral reňki gyjyndyryjy täsiri ýumşadyp, otagyň içini göze has ýakymly edip biler. Şunda ol degişli öwüşginli nepis gülli bolmalydyr we umumy gülli surata ýerlikli goşulyşmalydyr.

 

5. Tutuş otagy tutup duran haly

Eger-de otagyň poluny tutuşlygyna ýumşak haly bilen düşejek bolsaňyz, onda çar tarapyndan birnäçe santimetr açyk goýsaňyz, netijesi has oňat bolar. Plintus bilen otagyň ülňüsini gelşigine getirmek üçin, dizaýnerler poluň 20-30 sm meýdanyny açyk goýmagy maslahat berýärler.

Siz hem bizi saýlaň!

Biziň ösüş meýilnamalarymyz